- bokurdak
- seret bogaz 1∙ Dem alnanda, tozan burna we bokurdaga girýär. (M. N. Skatkin, Jansyz Tebigat)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem bokurdak - bokurdagy.◊ bokurdagyň guramak1) Gaty suwsamak;.2) Gaty köp aglamak, aglap sesiň gyrylmak.∙ Illi, gyzyňy eliňe alsana, onuň bokurdagy gurady. («Tokmak» žurnaly)◊ bokurdagyňda süňk bolup galmak — Bir zat hakda ömürlik ahmyr (öýke-kine) galmak.◊ bokurdak dolmak — seret bogaz∙ Onuň bokurdagy dolup başlady. (G. Gurbansähedow, Enesiniň Ýumuşlary)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.